Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen karateçileri Jakartada geçirilen dünýä çempionatynda dört medal gazandylar

10:0003.06.2024
0
8470

Ýakynda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda türkmenistanly karateçileriň ikisi öz agram derejesinde dünýäniň çempiony bolmagy başaran bolsa, ýene iki türgenimiz hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.

Dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň 13 döwletinden 340 türgeni özünde jemledi. Şolaryň 8-si türkmen karateçileridir. Biziň ildeşlerimiz erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlaryň her haýsyndan bir altyn medal gazandylar. Erkekleriň arasynda 65 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen tutluşyklarda üstümizdäki ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan uçurym boljak Daýanç Gylyçdurdyýewe taý tapylmady. 65 kilogramdan ýokary agram derejesinde zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa Türkmenistanyň Milli kiokuşinkaý karate merkeziniň tälimçi-mugallymy Ogulbagt Gurbanowa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndaky talyplyk ýyllarynyň ilkinjisini tamamlajak Gülnabat Ýazylowa 55 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, diňe final tutluşygyndaky garşydaşyndan asgyn geldi. Şeýlelikde, ol dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Edil şeýle üstünligi 65 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýimdhan Soltanowa hem eýeledi.

Kiokuşinkaý karateniň 74 ýyllyk taryhy bar. Ol 1950-nji ýylda ýaponiýaly ussat Masutasu Oýama tarapyndan esaslandyrylýar. Kikuşinkaý karateniň iň çylşyrymly görnüşleriniň biri. Onuň tutluşyklary gorag enjamsyz geçirilip, garşydaşlara biri-birine urgy etmäge rugsat berilýär. Ýöne kellä el bilen urmak gadagan.

Üstümizdäki ýylyň türkmen karateçileri üçin diýseň düşümli bolandygyny aýrayyn nygtamak gerek. Biziň ildeşlerimiz ýanwar aýynda karateniň şu görnüşi boýunça Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda altyn medallaryň ikisini gazanan bolsalar, mart aýynda milli ýygyndymyz fudokan karate boýunça Russiýanyň Iwanowo şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda 13 medal gazanmagy başardylar. Şunda olaryň ikisiniň hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykandygyny aýratyn nygtamak gerek. Aprel aýynda akareto boýunça geçirilen Özbegistanyň çempionatynda bolsa türkmen türgenleriň gazanylan medallaryň sanyny 23-e çykardylar. Bu gezek medallar gaznamyza altyn medallaryň 5-si goşuldy. Şondan sähelçe gün soňra geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda gazanylan medallaryň sany bolsa 33-e ýetdi. Şolaryň 6-sy altyn medaldyr. Indoneziýadaky dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ildeşimiz Alymuhammet Kakalyýew Ispaniýada geçirilen Ýaşlar ligasyndan bürünç medal bilen dolandy.

Indoneziýada gazanylan medallar ozalkylarynyň üstüni ýetirmek bilen, ýurdumyzda karateniň dürli görnüşlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň öz oňyn miwesini berýändigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň