Şu gün 31-nji maýda dünýäniň dürli künjeklerinde Bütindünýä temmäkisiz gün bellenilýär.
Bu senede dünýä ýüzünde temmäki önümlerini ulanmagyň saglyýa ýetirýän zyýan;y täsirine ünsi çekmek we temmäkiniň ulanylmagyny azaltmak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrýan çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şu ýyl bu sene «Çagalary temmäki senagatynyň gatyşmagyndan goramak» şygary bilen bellenilip geçilýär.
Türkmenistan, ilkinji nobatda, ýurduň syýasy erk-isleginiň üsti bilen hem-de BSGG-niň Temmäkä garşy göreşmek boýunça çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen temmäkä garşy göreşmekde uly üstünlikler gazandy. Bu barada Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň bejergi işleri boýunça müdiriniň orunbasary Jeren Esenowanyň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär.
«2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt derejesini gazanmagy maksat edinen Türkmenistanyň Hökümeti «Aşgabat Jarnamasyny ýerine ýetirmek: Ýewropa sebitini temmäkiden azat etmek» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine iň uly maliýe goldawyny beren döwlet boldy» diýlip makalada nygtalýar.
Däp bolşy ýaly, maý aýynda Türkmenistanda temmäkiniň zyýanly täsirlerine bagyşlanan bilim çäreleri, konferensiýalar we tegelek stollar geçirilýär. Bu aý ýurtda öýken rakyna garşy göreş aýydyr. Bu döwürde ilatyň arasynda giň wagyz-nesihat çäreleri guralýar, öýkeniň howply çişlerine sebäp bolup biljek dürli sebäpler barada ilatyň sowatlylygyny artdyrmak boýunça dürli işler durmuşa geçirilýär.
Makalanyň has giňişleýin görnüşini saýtymyzyň rus bölüminde okap bilersiňiz.