Top.Mail.Ru

Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinden «Awaza» boljak uçar gatnawlary artdyrylýar

11:5531.05.2024
1
65553

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümleriniň başlanmagy bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçylaryň artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça goşmaça gatnawlar ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça hem ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň