Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide çakdanaşa yssy howa bilen baglylykda, ulaglary ýuwmagy we suwy işewürlik maksady bilen sarp etmegi gadagan etdiler. Bu barada şäheriň ministri Atiş Marlena salgylanýan «Buissines Standart» neşiri habar berdi.
Ministr şäherde suwy bikanun sarp edýän ýaşaýjylara jerime salmak üçin 200-den gowrak toparyň döredilendigini habar berdi.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Delide howanyň temperaturasy 50 gradusa golaýlady.
Howa maglumaty gullugynyň habaryna görä, paýtagtda yssy howanyň esasy sebäbi Rajastan ştatyndan öwüsýän gyzgyn şemallardyr diýip, «Iz.ru» ýazýar.