Hytaýyň «CNPC» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

01:0929.05.2024
0
13027

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Taraplar özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şunda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşykda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasy bilen bilelikdäki işiň netijeli häsiýeti bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň