Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan we Türkmenistan derman senagaty we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

15:4228.05.2024
0
18576

26-njy maýda Ženewada (Şweýsariýa) 77-nji Bütindünýä Saglyk Assambleýasynyň çäginde Gyrgyzystanyň saglyk ministri Alymkadyr Beýşenaliýew Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar derman senagaty we saglygy goraýyş tehnologiýasy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habar bermegine görä, hususan-da ,antibiotikleri öndürýän türkmen-hindi bilelikdäki zawodynda öndürilen ýokary hilli we elýeterli bahaly dermanlary Gyrgyzystana eksport etmek mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem gün tertibinde Gyrgyzystanda Hazar deňziniň kenaryndan gazylyp alnan melhemlik palçygyň önümçiligini ösdürmek meselesi boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri lukmançylyk tejribesinde melhemlik palçykdan peýdalanmak tejribesi bilen paýlaşdy we bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Mundan başga-da, türkmen öndürijileri tarapyndan Gyrgyzystany derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek mümkinçiligi barada hem durlup geçildi. Türkmen tarapy derman serişdelerini we lukkmançylyk enjamlaryny öndürmek we eltip bermek bilen baglanyşykly kärhanalaryň işleri barada maglumat berdi, şeýle hem bu ugurda Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň saglyk ministri A.Beýşenaliýew Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdi we iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň