Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna "Arkadag Medisina Klasteri Menejment" kärhanasynda öndürilen önümler berildi

11:4103.07.2024
0
5946

Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna "Arkadag Medisina Klasteri Menejment" kärhanasynda öndürilen önümler gowşuryldy.

Lukmançylyk edarasyna hassalar üçin bir gezek ulanylýan agyz-burun örtükleri, lukmançylyk başgaplary, halatlar, aýakgap örtükleri berildi. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan sowgat hökmünde iberildi.

Agzalan lukmançylyk önümlerini öndürmek üçin kärhananyň işe başlamagyndan kän wagt geçmänkä, Lebap welaýat köpugurly hassahanasy ilkinji bolup önümleriň bir tapgyryny aldy.

Ýeri gelende, ýakynda "Arkadag Medisina Klasteri Menejment" kärhanasyna Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikatynyň berlendigini hem bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň