Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Karlowy Wary şäherinde 58-nji halkara kinofestiwaly açyldy

10:5203.07.2024
0
5006
Karlowy Wary şäherinde 58-nji halkara kinofestiwaly açyldy
Surat: 24.kz

Çehiýanyň Karlowy Wary şäherinde 58-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady diýip, «24KZ» habar berýär. Açylyş dabarasynyň myhmany görnükli aktýor we režissýor Wiggo Mortenson boldy, ol tomaşaçylara «Ýüzükleriň hökümdary» filmler tapgyrynda Aragornyň keşbi bilen tanyşdyr.

Bu gezek Çehiýanyň şäherinde bütin dünýäden 200 sany film bilen tanyşdyrylar.

Kinofestiwalyň «Hrustal globus» baş baýragyna 12 film dalaş edýär. Ýeňiji öňdäki şenbede kinofestiwalyň ýapylyşynda yglan ediler. Kinofilmleriň görkezilişinden başga-da şüweleňiň dowamynda fotosuratlaryň sergisi, konsert çykyşlary bolar. 1956-njy ýyldan bäri Karlowy Wary kinofestiwaly Kann we Wenesiýa ýaly halkara kinofestiwallarynyň derejesinde abraýdan peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň