Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleriň gutarnykly sanawy iýunda yglan ediler

10:1827.05.2024
0
5407

Eýranda möhletinden öňki Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etjekleriň gutarnykly sanawy 11-nji iýunda yglan ediler. Bu barada Tähran ülkesiniň saýlaw toparynyň kätibi Abbas Johari habar berdi diýip, TASS habarlar gullugy ýazýar.

Johariniň sözlerine görä, dalaşgärleri bellige almak 30-njy maýda başlanyp, 5 gün dowam eder. Gutarnykly sanaw yglan edilenden soň, dalaşgärler saýlawdan öňki wagyz işlerine başlap bilerler diýip, eýranly ýolbaşçy habar berdi.

Öň 20-njy maýda Eýranda möhletinden öňki Prezident saýlawlarynyň 28-nji iýunda geçjekdigi habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň