Soňky habarlar

Arhiw

Meksikada 45 gradus yssydan soňra gar ýagdy

14:0227.05.2024
0
9497

Meksikanyň Puebla şäherinde 45 gradus yssynyň yzysüre gütläp gar düşdi diýip, «24KZ» habar berdi.

Gar güýçli çabga we doly bilen gatyşdy. Howa sowady, gar örtükleriniň boýy bir ýarym metre ýetdi.

Şäherde ýollary gar basyp, ýüzlerçe ulag gabawda galdy. Agaçlar ýykyldy, öýlere we edara binalaryna zeper ýetdi. Oba hojalyk ekinlerine hem zyýan ýetdi.

Halas edijiler we harbylar ýaramaz howanyň zyýanyny aradan aýyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň