Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň garşydaşy RPL-de "Möwsümiň açyşy" diýlip yglan edildi

11:1327.05.2024
0
5252

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Moskwanyň SSKA-synda çykyş edýän ýarym goragçysy Abbosbek Faýzullaýew Russiýanyň Premýer ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi.

20 ýaşyndaky Faýzullaýew rus goşunlarynyň toparynda çykyş edip, 22 duşuşykda 4 gol geçirdi, 7 goluň hem assistini berdi.

― Maňa ses berenlere hoşallyk bildirýärin, beýle baýragy almak juda ýakymly. Topardaşlaryma, tälimçilerime, SSKA-nyň ýolbaşçylaryna we ähli janköýerlerimize hoşallygym çäksiz. Şol sanda, maşgalama we dostlaryma-da hoşal ― diýip, ol şatlygyny paýlaşdy.

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan bilen bir toparçada ýaryşýandygyny ýatladýarys. Iki ýygyndy nobatdaky duşuşygyny 6-njy iýunda geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň