Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2024: Awstriýa Niderlandlaryň ýygyndysyny ýeňip, toparçada birinji orny eýeledi

11:5626.06.2024
0
8947

Awstriýanyň futbol boýunça milli ýygyndsyy ýewropa çempionatynyň üçünji tapgyrynda Niderlandlaryň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy. Duşuşyk Berlin şäherinde geçirildi.

«D» toparçadaky ugurdaş duşuşykda Fransiýa bilen Polşa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Indi Awstriýa «F» toparçada ikinji orny eýelejek ýygyndy bilen duşuşar. Fransiýa bolsa «E» toparçanyň ikinji ornunyň eýesi bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň