Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Erik Adams şu ýylyň 18-19-njy sentýabrynda alakalara garşy göreş boýunça sammitiň boljakdygyny habar berdi. Oňa Täze Orleandan, Bostondan we Sietlden iň ussat hünärmenler üýşerler hem-de gemrijileriň köpelmeginiň öňüni almak boýunça maslahatlaşarlar. Bu barada «CBS NEWS» teleýaýlymyna salgylanýan «News.ru» portaly habar berdi.
Alakalary ýigrenýändigini nygtan häkim Adams soňky günlerde alnyp barlan göreş netijesinde şäherde olaryň sanynyň 14 göterim azalandygyny habar berdi. Şäheriň häkimi duşmany ýeňmek üçin iň gowy usulyň olary tanamakdygyny nygtady.