Hawi «Barselona» bilen hoşlaşar

17:0624.05.2024
0
7217

«Barselona» resmi web saýtynda möwsümiň ahyrynda baş tälimçi Hawiniň topar bilen hoşlaşjakdygyny habar berdi. Ol topar bilen soňky duşuşygyny ýekşenbe güni «Sewilýa» bilen boljak oýunda geçirer.

27-nji ýanwarda «Barselona» öz meýdanynda «Wilýarrealdan» 3:5 hasabynda ýeňlensoň, Hawi möwsümiň ahyrynda wezipäni boşadyp, topary has ýokary derejelere çykaryp biljek kärdeşleri üçin ýoly açjakdygyny habar beripdi. Ýöne soňra hünärmen pikirini üýtgedenem bolsa, klub mundan beýläk onuň bilen işleşmekçi däl.

Möwsümde «Real» çempion boldy, «Barselona» bolsa 79 utuk toplap, ikinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň