Soňky habarlar

Arhiw

Angliýada çagalara futboldaky kelle urgulary gadagan ediler

10:2324.05.2024
0
4597

Angliýanyň Futbol federasiýasy 11 ýaşdan kiçi çagalara tälim berilýän toparlarda çagalaryň topa kelle bilen urgy etmegini tapgyrlalaýyn gadagançylygy girizjekdigi barada habar berdi.Bu pikir iki ýylyň dowamynda kabul edildi. Täze düzgüne görä, oýunda kimdir biri kelle urgusyny ýerine ýetirse, şol ýerde oýun saklanyp, düzgün bozmanyň bolan ýerinden garşydaş topar jerime urgusy bilen oýny dowam etdirer.

Geljek möwsümden başlap, bu düzgün 7 we 9 ýaşa çenli çagalar toparlarynda, 2025/26-njy ýyllaryň möwsüminden 10 ýaşa çenli çagalarda, 2026/27-nji ýyllaryň möwsüminden bolsa 11 ýaşa çenli çagalarda giriziler. Çagalara diňe 12 ýaşdan soň kelle urgularyny ýerine ýetirmäge rugsat berler.

Federasiýa tarapyndan täze düzgün barada berlen beýanatda:

«Futboldaky oýunçy howpsuzlygyny we saglygyny goramak bilen bagly taslamalarymyzy dowam etdirýäris.

Täze düzgüni girizmekden esasy maksadymyz bolsa, oýunçylaryň aýaklary bilen urgulary ýerine ýetirmekdäki ussatlygynyň artmagydyr. Şunluk bilen, oýnuň dowamynda topuň howada däl-de, oýunçylaryň aýagynda köpräk bolmagyny gazanmagy maksat edinýäris» diýilýär.

Täze düzgün ozalky futbolçylaryň arasynda beýni keseli sebäpli aradan çykmalaryň artmagy bilen bagly getirildi. Futbolçylarda şeýle ölümiň howpy beýleki ýaşytdaşlaryndan üç esse ýokarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň