Soňky habarlar

Arhiw

DÇ - 2026-nyň oýun aýyndaky duşuşyklary üçin Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň düzümi kesgitlenildi

12:2223.05.2024
1
11795

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi türkmen ýygyndysynyň Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň we Gonkongyň toparlary bilen duşuşjak düzümini yglan etdi.

Derwezeçiler:
Rüstem Ahallyýew («Ahal»), Batyr Babaýew («Altyn Asyr»), Gurbanmyrat Garaýew («Arkadag» futbol kluby).
Goragçylar:
Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Mekan Saparow, Yhlas Toýjanow, Meýlis Durdyýew (hemmesi «Arkadag» futbol klubundan), Ata Geldiýew, Hakmuhammet Bäşimow (ikisi-de «Ahal»), Wepa Jumaýew («Witebsk», Belarus Respublikasy).
Ýarymgoragçylar:
Arslanmyrat Amanow, Mirza Beknazarow, Welmyrat Ballakow, Şanazar Tirkişow (ählisi «Arkadag» futbol klubundan), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyzystan), Alibek Abdyrahmanow, Ýazgylyç Gurbanow (ikisi hem «Ahal»).
Hüjümçiler:
Didar Durdyýew, Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow (üçüsi-de «Arkadag» futbol klubundan), Myrat Annaýew, Selim Nurmyradow (ikisi-de «Altyn Asyr»), Kemal Metdäýew, Elman Tagaýew (ikisi hem «Ahal»).

Türkmen futbolçulary 6-njy iýunda myhmançylykda özbek ýygyndysynyň garşysyna çykar. Şondan soň, 11-nji iýunda bolsa Mergen Orazowyň şägirtleri Aşgabatda Gonkongyň ýygyndy toparyny kabul ederler.

Bu duşuşyklaryň öňüsyrasynda, 26-njy maýda türkmen ýygyndysy Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji iýuna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň