Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Ýewrokuboklaryň öňümizdäki möwsümlerde final duşuşyklaryny kabul etjek şäherlerini kesgitledi

07:3723.05.2024
1
4584

UEFA-nyň resmi web saýty 2025/26-njy hem-de 2026/27-nji ýyllaryň Ýewrokuboklarynda final duşuşyklaryny kabul etjek şäherleri tassyklady.

Oňa görä, 2026-njy ýylda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy Budapeşt, Ýewropa ligasynyň finaly Stambul, Konferensiýalar ligasynyň final duşuşygy bolsa Leýpsig şäherlerinde geçiriler.

2027-nji ýylda Ýewropa ligasynyň final duşuşygyny Frankfurt, Konferensiýalar ligasynyň finalyny bolsa Stambul şäherleri kabul eder. Şol möwsümde Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri biraz soňrak belli ediler. Çünki UEFA Milan şäherindäki «San-Siro» stadionynyň durkuny täzeleýiş işleriniň tamamlanmagyna garaşylýar. Eger bu işler öz wagtynda tamamlansa, ady rowaýata öwrülen stadion Çempionlar ligasynyň şol möwsümdäki final duşuşygyny kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň