Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

12:0722.05.2024
0
17976

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda ABŞ-nyň Smitson institutynyň Milli poçta muzeýinde 2024-nji ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ilçihanasy we “ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşi” tarapyndan bilelikde çykarylan poçta markasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Waşington şäherinde ýerleşýän muzeýde guralan dabara türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.T.Rustemowa, Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi M.B.Orazow, ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet edaralaryndan bolan döredijilik topary we ilçihanamyzyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä amerikan tarapyndan “ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň” ýerine ýetiriji direktory E.Stýuwart, agzalan Milli poçta muzeýiniň müdiri Elliot Gruber, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary J.Pommerşaým, Waşington şäherinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalaryň we ABŞ-nyň görnükli kompaniýalarynyň wekilleri şeýle-de amerikan alymlary gatnaşdylar.

Beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň şanly senesini dabaralandyrmak maksady bilen guralan çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň bütin adamzadyň medeni mirasynyň genji-hazynasyna taýsyz goşant goşan türkmen edebiýatynyň görnükli wekilidigini bellediler. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan poçta markasy we şu mynasybetli guralýan dabara türkmen-amerikan medeni gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, ol beýik türkmen şahyrynyň döredijiligini diňe bir ABŞ-da däl, eýsem halkara derejede wagyz etmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolar.

Poçta markasy taýýarlanylanda Magtymguly Pyragynyň meşhur türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýew tarapyndan çekilen kanoniki keşp ulanylypdyr. Ol ýadygärlik sowgat hökmünde, şeýle hem elektron görnüşde ulanmak üçin ABŞ-da ýaýradylar. Şeýle hem, poçta markasynyň nusgalary muzeý gymmatlygy hökmünde ABŞ-nyň Milli poçta muzeýiniň gaznasynda saklanar we bu ýere gelýänlere görkeziler.

Dabarada Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlara hem-de milli sazlara hem giň orun berildi. Ýurdumyzyň belli sungat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen çykyşlar dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň baý medeniýeti, geçmişi we şu güni barada gürrüň berýän sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanylýan Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynyň gymmatlyklary, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

21-nji maýda Waşington şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň Tomas Jeferson binasynda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy, agzalan kitaphana hem-de Smitson institutynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet edaralaryndan bolan döredijilik topary, Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa müdirliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Smitson institutynyň we Kongressiniň kitaphanasynyň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň ylmy işgärleri, beýleki ylmy edaralarynyň alymlary, okyjylar köpçüligi we daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar.

Döredijilik agşamynda türkmen we amerikan alymlarynyň Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat ähmiýetli döredijiligi baradaky çykyşlary diňlenildi. ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasynyň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Joan Wiks we ABŞ-nyň Smitson institutynyň professory Pol Teýloryň belleýşi ýaly Magtymguly Pyragynyň goşgulary islendik okyjynyň ünsüni özüne çekýän, tutuş adamzady asylly häsiýetlere we ynsanperwerlige çagyrýan jadylaýjy güýje eýedir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň çykyşlarynda şahyryň döredijiligiň biziň günlerimize gelip ýetişine hem-de goşgularynyň daşary ýurtly alymlar tarapyndan terjime edilişine we öwrenilişine aýratyn üns çekildi.

Dabaranyň dowamynda türkmen alymlary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasyna gowşuryldy.

Kitaphananyň wekilleri kitaby uly hormat bilen kabul edip, onuň kitaphananyň gaznasynda bar bolan türkmen medeniýeti baradaky neşirleriň goruny has-da baýlaşdyrjakdygyny bellediler.

Döredijilik agşamynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň, milli sazlaryň ýerine ýetirilmegi gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Döredijilik agşamynyň çäklerinde ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet edaralaryndan bolan döredijilik toparynyň dünýäniň iň iri kitaphanalarynyň biri bolan ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasyna gezelenji guraldy. Ýurdumyzyň wekiliýet agzalary meşhur kitaphananyň bölümleri, olarda saklanýan kitaplar, şol sanda türkmen edebiýatynyň neşirleri bilen tanyşdylar.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”, “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň hem-de ýakynda ýurdumyzda beýik türkmen şahyrynyň “Magtymguly” ady bilen täze goşgular kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Daşary ýurtlaryň ABŞ-daky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň, bu ýurtda iş saparynda bolýan ýurdumyzyň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň türkmen halkynyň edebi mirasyny baýlaşdyrmakdaky ähmiýetini bellediler.

Agzalan çäräleriň dowamynda çäklerinde halkymyzyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserlerini, milli lybaslary, şaý-sepleri, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň golýazma nusgalaryny, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasynda saklanylýan kitaplaryny özünde jemleýän sergi guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň