Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Antalýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

18:0620.05.2024
0
12402

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçer. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 6-njy iýunda Özbegistanyň (Daşkent şäheri), 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň (Aşgabat şäheri) ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklara taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüler.

Deslapky maglumatlara görä, türkmen ýygyndysynyň Özbegistan bilen boljak duşuşygy 6-njy iýun güni Daşkent şäherindäki «Bunýodkor» stadionynda geçiriler. Şondan soň Mergen Orazowyň şägirtleri 11-nji iýunda Aşgabat şäherinde Gonkongyň ýygyndysyny kabul ederler.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň «E» toparçada ýaryşýandygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda bu toparda Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň 10, Türkmenistanyň hem-de Gonkongyň ýygyndylarynyň bolsa 1 utugy bar.

Türkmen ýygyndysynyň bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi ýakyn günlerde belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň