Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Robbo Klub» bilen robototehnika we IT programmirleme dünýäsine aralaşyň

11:4917.05.2024
0
10940

«Robbo Klub» 5 – 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin robototehnika we 13 – 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin IT programmirleme boýunça täze okuwlara ýazylyşyk yglan edýär.

Okuwlara gatnaşyjylar:

- berk programmirleme we enjamlary awtomatlaşdyrmak başarnyklaryny öwrenerler;

- jemgyýete peýdaly taslamalarda özbaşdak we topar bilen işlemek üçin gerek bolan başarnyklary ösdürerler;

- «Akylly öý» ulgamyny özleşdirerler, onuň mümkinçiliklerini hem-de ony özbaşdak durmuşa geçirmegiň usullaryny öwrenerler.

Mundan başga-da, çagalar programmirlemegi başdan öwrenmek, ilkinji programmirleme dilini saýlamak, şeýle hem öz saýtlaryny, oýunlaryny we ykjam programmalaryny döretmek üçin zerur bilimleri we başarnyklary öwrenerler.

Sapaklar hepdede 3 gezek 2 sagat dowam eder.

Şeýle hem «Robbo Klubda» tomusky okuwlar guralar. Tomusky okuwlaryň maksatnamasy we senesi barada has anyk maglumatlary almak üçin şu telefonlara jaň edip bilersiňiz: (+993 71) 14 17 80, (+993 71) 14 17 81.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Atatürk köç., 61;
  • sosial ulgamlardaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň