Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada okuwçylaryň ene-atalary goýunlary synpa ýazdylar

14:5016.05.2024
0
10943
Fransiýada okuwçylaryň ene-atalary goýunlary synpa ýazdylar
Surat: vfokuse.mail.ru

Fransiýanyň Mozel diýen ýerinde ene-atalar okuwçy sanynyň ýetmeýändigi üçin ýapylmak howpy abanan synpa dört sany goýny ýazdyrdylar. Bu barada BFMTV neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.

Ene-atalar her täze «okuwçynyň» hasaba alyş kagyzlaryny doldurdylar, onda olaryň doglan güni, jynsy we atlary ýazylyp, ýurduň Bilim ministrligine ýollandy.

Netijede, synpdaky okuwçylaryň sany 94-den 98-e çenli köpeldi. Bu san edaranyň her bir synpyň näçe okuwçydan ybarat bolmalydygy barada talaplaryna laýyk gelýär.

Şeýle hem ýerli çözgüt kabul edilip, onda «ýüňli okuwçylara mekdebiň oýun meýdançasyna barmaga» rugsat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň