2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler.
Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga taýýardyklaryny, bu ugurda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde iş saparlarydyr duşuşyklary gurnamagyň ähmiýetiniň uly boljakdygyny beýan etdiler.