Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle hem Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato gatnaşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, jenap Endo Toşiaki pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagy geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine baryp görmäge çagyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Ýaponiýanyň iri kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz ulgamynda we himiýa senagatynda netijeli işläp gelýärler.
Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi.