Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasyny döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýum[1]serişdeleriniň hasabyna düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu bäsleşik baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap eidldi.
Bildirişde görkezilişi ýaly, bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýän, Türkmenistanyň çäginde bellenen tertipde hasaba alnan ýerli hususy kärhanalara, döwlete degişli gurluşyk edara-kärhanalaryna we daşary ýurt kompaniýalaryna degişli resminamalaryň bukjasyny almak üçin bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmak teklip edilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine resmi hat üsti bilen ýüz tutmaly hem-de degişli möçberde töleg geçirmeli. Şondan soňra, bäsleşige degişli resminamalary alyp bolýar.
Gatnaşyjylaryň bäsleşik teklipleriniň bukjalary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda 2024-nji ýylyň 25-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 54-nji jaýy. Telefon belgileri: 39-98-15; 39-98-51.