Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly boksçular Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşyna gatnaşar

12:0714.05.2024
0
14432

Türkmen boksçularynyň üçüsi 23-nji maý ― 3-nji iýun aralygynda Bangkok şäherinde (Taýland) geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň ikinji saýlama ýaryşyna gatnaşarlar.

Halkara ýaryşa gatnaşmak üçin Türkmenistandan Şükür Öwezow (57 kilograma çenli), Saparmyrat Ödäýew (63,5 kilograma çenli) we Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kilograma çenli) dagylar bellige alyndy.

Olimpiýa oýunlarynyň 26-njy iýul ― 11-nji awgust aralygynda Pariž şäherinde geçiriljekdigini ýatladýarys.

Aziýanyň Boks konfederasiýasynyň metbugat gullugynyň belleýşi ýaly, türkmen boksçularynda Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almaga mümkinçilik bar.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndsyynyň baş tälimçisi Tenilbek Jumakulow soňky iki ýylda ýurtda güýçli türgenleriň ýetişendigini aýdýar.

Milli federasiýanyň baş kätibi Durdymämmet Kuljaýew bolsa ýurtda boksy ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän işler barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanda iýun ýa-da sentýabr aýynda milli ýaryşlar geçiriler. Türkmenistan halkara ýaryşlara mümkin boldugyndan kän boksçy ibermegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem ýurtda geljekde boks boýunça halkara ýaryşyny geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň