Ikinji derejeli türkmen derbisi, Mary derbisi we beýleki gyzykly duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda ertir 14-nji tapgyr geçiriler. Tapgyry «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky ikinji orun ugrunda göreş, möwsümiň ikinji Mary derbisi boljak «Merw» ― «Energetik» duşuşygy, Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky ýokary orunlara çykmak ugrundaky göreş we «Arkadag» ― «Aşgabat» duşuşyklary bezär.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri barada aşakdaky maglumatlary berýär:
“Altyn Asyr” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş. Büzmeýin etr.)
Başlanýan wagty: 17:00
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
“Şagadam” – “Köpetdag”
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Başlanýan wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
“Merw” – “Energetik”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), A.Weliýew (Änew ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)
“Arkadag” – “Aşgabat”
Geçirilýän ýeri: “Arkadag” stadiony (Arkadag ş. )
Başlanýan wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), S.Çaryýew (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.).