Soňky habarlar

Arhiw

9-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

10:0209.05.2024
0
7343

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Ýeňiş güni bilen gutlady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gazna Ahal welaýatyndaky hassahana lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy, Türkmenistanda täze suw arassalaýjy desga işe girizildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli watandaşlaryna we uruş weteranlaryna Gutlag iberdi. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar diýip, döwlet Baştutany belledi.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlady.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iki sany möhüm desganyň – ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutany öz çykyşynda welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylýandygyny aýtdy.

4. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara he-maýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna döwrebap lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Hassahananyň işgärlerine Germaniýanyň meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ en¬ja-my gowşuryldy. Bu döwrebap enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga ýardam berýär.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Berk Gala Gurluşyk» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Çagalar bagy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda bina ediler. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak we binany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Moskwa iş sapary bilen bardy. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Russiýa şu gezekki sapary häzirki döwürde täze itergi berlen we many-mazmun taýdan baýlaşdyrylan netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmekde nobatdaky ädimdir.

Dünýäde

7. Azerbaýjanyň Parlamenti üçünji okalyşda Hazar deňzinde emeli adalary we çäkleri döretmek baradaky Kanunyň taslamasyny kabul etdi. Bu kanun täze adalaryň gurulmagy we bar bolan kenarýaka zolaklarynyň giňeldilmegi üçin kanuny binýady kesgitleýär. Emeli çäkler kenarýaka ýerlerini uzaltmak, täze portlary, ýaşaýyş we syýahatçylyk zolaklaryny döretmek üçin ulanylyp bilner.

8. Golliwudyň aktýory Tom Kruz Parižde geçiriljek 2024-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda çykyş etmek bilen tomaşaçylary begendirer. Oýunlar 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler, 11-nji awgustda bolsa «Stad de Frans» stadionynda giň gerimli ýapylyş dabarasy bolup, onda Tom Kruz peýda bolar. Aktýor dabaranyň dowamynda ýaýlyma beriljek bölümi surata düşürmek işlerine hem eýýäm gatnaşdy.

Sport habarlary

9. Madridiň «Realynyň» oýunçylary Çempionlary ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda Mýunheniň «Bawariýasyny» ýeňlişe sezewar etdi. «Santýago Bernabeuda» geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde iki goly hem Hoselu derwezä girizdi. «Bawariýanyň» düzüminde bolsa Alfonso Dewis tapawutlandy. 1-nji iýunda «Real» finalda «Borussiýa» bilen duşuşar. Çempionlary ligasynyň aýgytly oýny London şäherindäki «Uembli» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň