Türkmenistanda dört aýda halkara sport ýaryşlarynda 114 medal gazandy

16:2106.05.2024
0
8325

Şu ýylyň ilkinji dört aýynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 114, şol sanda 37 altyn, 39 kümüş, 38 bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna Hökümet mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýurtda bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, milli ýygyndy toparlary Olimpiýa oýunlaryna we halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp baryldy.

Döwlet Baştutanynň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş, dürli medeni-sport çäreleri geçirildi. Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý topary birinji orna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň