Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler

11:1404.05.2024
1
18507

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuriddin Azizi habar gullugyna Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň bilelikde Owganystanyň günbatar böleginde, uly ähtimallyk bilen Hyratda logistika merkezini gurmaklygy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. Bu barada ministriň sözlerine salgylanyp, «Reuters» habar berýär.

Ministriň aýtmagyna görä, üçtaraplaýyn logistika merkezini döretmekden maksat, Günorta Aziýa ýurtlarynyň bazaryna gatnaşyjy taraplaryň harytlarynyň, şol sanda, rus nebitiniň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Bilermenler Owganystanyň çäginiň Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri üçin elýeterli etmekligiň Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň peýdasyna bolar diýip hasaplaýarlar. Şeýle-de Eýran bilen Hytaýyň arasynda has gysga ýol açylar.

Nuriddin Azizi Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda geçirilen soňky gepleşiklerden soň tehniki toparlaryň iki aýyň içinde merkeziň resmi meýilnamalary barada ýazmaça şertnama taýýarlajakdyklaryny aýtdy. Logistika merkezine üç ýurt hem maýa goýar.

Nuriddin Azizi «Reuters» habarlar gullugyna beren interwýusynda: «Gepleşiklerimiziň esasynda, Hyrat welaýatynda demirgazyk bilen Günorta Aziýany birleşdirip biljek logistika merkezi döretmek barada bir pikire geldik» diýip, belläp geçdi.

Onuň sözlerine görä, owgan tarapy Russiýanyň ýakyn ýyllarda Günorta Aziýa ýurtlaryna, hususan-da, Pakistana eksport etjek millionlarça tonna nebitiň täze merkeziň üstünden geçjekdigine garaşýar.

Mundan başga-da, Nuriddin Azizi owgan eksport harytlaryny Turgundi we Spin Boldak arkaly Günorta Aziýa ibermek isleýändiklerini aýtdy. Turgundi, Türkmenistan bilen serhediň aňrysynda ýerleşýän owgan şäheridir. Spin Boldak, Pakistan bilen serhetde ýerleşýän Owganystandaky kiçijik şäherdir.

Täze guruljak logistika merkeziniň başlangyç kuwwaty bir million tonna nebit bolar.

«TOLOnews» saýtynyň ýazmagyna görä, Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasy Hyrat welaýatynda halkara logistika merkeziniň döredilmegini ýurduň milli girdejisini ýokarlandyrmak babatda örän möhüm hasaplaýar we bu ylalaşygyň çalt ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň