Türkmenistana alasarlaryň sürüleri göçüp geldi

08:5704.05.2024
0
12950

Türkmen baharyna alasarlaryň uly topary uçup geldi. Olaryň sürülerine Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde we olara ýakyn etraplarda gabat gelinýär. Alasarlar bu guşlaryň beýleki nesillerine meňzeş bolup, olar döşündäki gülgüne reňkler bilen tapawutlanýar. Guş sürüleri şu günler tudanalar bilen iýmitlenýär.

Bu guşlaryň tut ýapraklarynyň arasynda görünmezligi mümkin. Ýöne olaryň sürüleriniň döredýän şowhunyny eşitmezlik mümkin däl.

Zoolog alym Aleksandr Şerbina maý aýynyň ilkinji günleriniň agşamlarynda Türkmenbaşy şäherinde ýüzlerçe alasary öz içine alýan sürüleri görendigini aýdýar. Olar Gazagystana göç edýän bolmaly.

Guşlaryň bu görnüşi oba hojalygy üçin peýdaly. Olar özlerini we çagalaryny ekinlere zyýan beriji mör-möjekler bilen iýmitlendirýärler.

Maral Hydyrowa

(Habar rus dilinden terjime edildi)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň