2-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

12:1402.05.2024
0
5777

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Çynar Rüstemowany doglan güni bilen gutladylar, Türkmenistanda Döwlet hyzmatlary portalynda hasaba alnan ulanyjylaryň sany 50 müňe ýetdi, Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky edarasynyň başlygy boldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdiler. Hatlarda onuň ýurduň gülläp ösmegi we halkara abraýynyň artmagy ugrunda uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine ýokary baha berilýär.

2. Lukman Batyr Berdigylyjow Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Russiýadaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetirip başlady. Berdigylyjow Türkmenistanda doglan, ol ozal BSGG-niň Ýewropa sebitleýin bölüminde işledi, şeýle hem BSGG-niň Belarus Respublikasyndaky we Türkiýedäki wekilhanalaryna ýolbaşçylyk etdi.

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy maý aýynyň başyndan Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuşa başlady. Täze uçuş her sişenbe güni amala aşyrylar we türkmen howa ýollarynyň Malaýziýanyň paýtagtyna gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar.

4. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige jemi 12 talyp gatnaşdy, olaryň 6-sy erkin mowzuk, galanlary berlen mowzuk boýunça çykyş etdiler.

5. Häzirki wagtda Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalynda ulanyjylaryň «şahsy otaglarynyň» 50 müňe golaýy hasaba alyndy. Ýurtda internet ulanyjylaryň sany 3,2 milliondan geçdi, bu bolsa raýatlara onlaýn hyzmatlary has işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Portalda döwlet edaralary, häkimlikler we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýerine ýetirilýän onlaýn hyzmatlaryň jemi 500-den gowragy elýeterlidir. Şolaryň hatarynda 40-dan gowrak onlaýn töleglere we hyzmatlara, 270-den agdyk sanly maglumatlara, döwlet edaralarynyň 150-den hem köp web saýtlaryna, şeýle-de olaryň amala aşyrýan 50-ä golaý hyzmatlaryna salgylanmalar bar.

Dünýäde

6. 1-nji maýda Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatyndaky «Meýda» ýokary tizlikli awtomobil ýoly çökdi. Bu waka gije boldy. Ýykylmanyň netijesinde 18 awtoulag harabalygyň aşagynda ezildi, 19 adam aradan çykdy, 30-dan gowrak adam şikes aldy we keselhana ýerleşdirildi. Wakanyň bolan ýerinde halas ediş işleri alnyp barylýar. Awtomobil ýolunda hereket togtadyldy.

7. ABŞ-da rak keseli bilen göreşýän 46 ýaşly laosly immigrant 1,3 milliard dollarlyk «Powerball» jekpotyny gazandy. Bu ýeňiş lotereýanyň taryhynda dördünji iň uly baýrak boldy. Sefan we onuň aýaly Duanpen bu baýragy petegi satyn almaga gatnaşan dosty bilen deň paýlaşarlar. Olaryň dosty birnäçe lotereýa petegini satyn almak üçin 100 dollar sarp edipdir. Maşgala salgytdan soň takmynan 422 million dollar boljak bir gezeklik töleg almak kararyna geldi.

Sport habarlary

8. «Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda myhmançylykda «Altyn asyry» 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, «Arkadag» topary 2023-nji ýylyň aprelinde döredilen gününden bäri ähli ýaryşlardaky ýeňişli ýörişini 40 oýna ýetirdi. Wladimir Baýramowyň şägirtleri häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynda 9 oýunda toplanan 27 utuk bilen liderlik edýär.

9. Ýaş türkmen tennisçileri Duşenbeniň Açyk çempionatynda çykyşlaryny tamamlap, üç kümüş medal gazandylar. Bäsleşige Merkezi Aziýadan, Belarusdan, Russiýadan we Kanadadan 88 türgen gatnaşdy.

10. «Borussiýa» Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýnunda «PSŽ-ni» ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Dortmundda geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goly 36-njy minutda hüjümçi Niklas Fýullkrugyň adyna ýazyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň