Soňky habarlar

Arhiw

30-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

12:2030.04.2024
0
4743

Türkmenistanyň Prezidenti meýdanlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmegi barada görkezmeleri berdi, Türkmenistan BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady, «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «CZN Burak» restorany açylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi, onda ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ekin meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, bugdaýa ideg edilýär. Şol bir wagtyň özünde, galla oragyna taýýarlyk görmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinleri ekmek hem-de olara ideg etmek işleri dowam edýär, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda Guterrişiň parahatçylygy berkitmäge, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, ähli ýurtlaryň durnukly ösmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilen halkara işine ýokary baha berdi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

3. Mary şäherindäki «Bagtyýarlyk» seýilgähinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda eko-festiwal geçirildi. Festiwalyň geçirilýän meýdançasynda daşky gurşawy goramak boýunça diwarlyklar goýuldy, oýunlar we amaly maşklar geçirildi, oňa 1500 töweregi adam gatnaşdy.

4. Türkiýeli meşhur aşpez we restorator Burak Özdemiriň «CZN Burak Gurme» restorany Aşgabatdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde açylar. Restorany açmak baradaky ylalaşyk geçen ýylyň oktýabr aýynda türkmen-türk işewürlik maslahatynyň netijeleri esasynda gazanyldy. Özdemir dürli türk naharlaryny ägirt uly möçberde taýýarlamak we myhmanlara hödürlemek prosesini görkezýän gysga wideolary arkaly sosial ulgamlarda uly meşhurlyk gazandy.

5. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy edarasynyň başlygy Samad Hossanzadeniň arasynda geçirilen duşuşykda syýahatçylyk pudagynda, hususan-da, saglyk syýahatçylygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda senagat we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 450 million dollara barabardygy nygtaldy.

Dünýäde

6. Beýik Britaniýada ulanyjylary kiber howplardan goramak üçin enjamlary öndürijileri üçin iň az kiberhowpsuzlyk standartlaryny kesgitleýän täze düzgünler girizildi. Indi «admin» ýa-da «12345» ýaly öňünden kesgitlenen ýönekeý parollary bolan enjamlary satmak gadagan edilýär. Öndürijiler ulanyjylara enjamlary üçin howpsuzlyk täzelenmeleriniň wagty barada habar bermelidirler. Bu çäreler internete birikdirilen enjamlaryň kiberhowpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga, haker hüjümleriniň töwekgelçiligini azaltmaga we ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny goramaga gönükdirilendir.

7. Ganaly 29 ýaşly Abubakar Tahiru bir sagatda gujaklanan agaçlaryň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy. Tokaý hojalygy ugry boýunça bilim alýan magistr talyp 1123 daragty gujaklady, bu minutda 19 bag diýmekdir. Tahiru munuň üçin Amerikanyň Alabama ştatyndaky Taskigi tokaýyny saýlap aldy. Ol ýerli uniwersitetde okaýar. Rekordyň düzgünleri berk boldy. Bagy iki eliň bilen berk bagryňa basmaly, şunda bir agajy bir gezekden artyk gujaklamak, olara zeper ýetirmek gadagandyr.

Sport habarlary

8. Garyşyk söweş sungaty boýunça çykyş edýän türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «PFL 5» ýaryşynyň çäginde 22-nji iýunda Solt-Leýk-Sitide kamerunly Simon Biýong bilen tutluşar. Döwletjan Ýagşymyradow özüniň soňky tutluşygyny «PFL 2» ýaryşynyň çäginde 13-nji aprelde sloweniýaly Jeýkob Nedo garşy geçirdi. Bir raund hem dowam etmedik bu tutluşykda Döwletjan tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda onuň hasabynda 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar. Biýong hem özüniň soňky söweşini «PFL 2» ýaryşynyň çäginde Antonio Karlos Juniora garşy geçirip, birinji raundda ýeňilipdi.

9. 23 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Aziýanyň Kubogynyň ýarym finalynda Özbegistanyň milli ýygyndysy Indoneziýandan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňiş özbek futbolçylaryna Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berdi. Aziýa Kubogynyň netijeleri boýunça iň gowy üç topar 24-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda Fransiýanyň ýedi şäherinde geçiriljek Olimpiýa futbol ýaryşynda öz ýurtlaryna wekilçilik etmek hukugyny alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň