Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

29-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

10:5729.04.2024
0
5783

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy, Türkmenistanda «Ýaş innowatorlar» bäsleşigi yglan edildi, Türkmenistanyň Prezidenti atşynaslara täze öýleriň açarlaryny gowşurdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Myhmansöýer türkmen topragynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşler Söhbetdeşler köp asyrlyk taryhy gatnaşyklara, medeni, dil we däp-dessurlardaky umumylyklara esaslanýan türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2. Arkadag şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle¬-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk¬-gurnama işleriniň başlanandygyny yglan edýär. Işleriň geçirilýändigi sebäpli 29¬-njy aprelden başlap, gurluşyk¬-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýollarda gatnawlar wagtlaýyn çäklendirilýär. Ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary döretmäge gönükdirilendir.

3. Türkmenistanda 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ýaş innowatorlar» atly ylmy-döredijilik işleriniň bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşige hödürlenýän işler 5 ugur boýunça kabul edilýär: himiýa, ekologiýa; fizika, energetika; biologiýa, oba hojalygy, saglygy goraýyş we sagdyn durmuş ýörelgeleri; maglumat tehnologiýalary, matematika; tehnologiýalar we tehniki döredijilik. Bäsleşigiň şäher tapgyry 6-njy maýda, sebitleýin tapgyry 20-nji maýda we jemleýji tapgyry 10-njy iýunda geçiriler.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna hem-de Arkadag şäheriniň atşynaslaryna täze şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýyň öýleriniň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.

5. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Türkmenabat şäherindäki Amul şäherçesine baryp gördüler. Açyk asmanyň astyndaky ýadygärlik şäheriň günorta böleginde, Türkmenabat – Kerki awtomobil ýolundan 619 metr uzaklykda ýerleşýär. Amul halkara söwdasynyň iň iri merkezleriniň biri bolupdyr. Bu şäherçe suwly çuň garym bilen gurşalan giň inedördül çig kerpiçden salnan gala bolupdyr. Häzirki wagtda gymmatly taryhy ýadygärligi emele getirýän galanyň galyndylary saklanyp galypdyr.

Dünýäde

6. Meksikanyň ýaşaýjy Rohelio Wilýarrealyň başyndan şowly waka geçdi. Saýtda ýüze çykan ýalňyşlyk sebäpli ol iki jübüt «Cartier» gulakhalkasyny bary-ýogy 28 dollara satyn alyp bildi, aslynda olaryň hakyky bahasy 28 müň dollardy. Şeýle-de bolsa, «Cartier» söwdany hakyky diýip ykrar etmekden ýüz öwürdi we sargydy ýatyrdy. Olar gulakhalka derek ötünç hökmünde Wilýarreala puluny yzyna gaýtarmagy we bir çüýşe şampan çakyryny hem-de pasport üçin deri daşlygy teklip etdiler.

7. Waşingtonly alymlar düýpgöter täze elektron tagtasyny döretdiler, ol birnäçe gezek gaýtadan işlense-de, hilini ýitirmeýär. Bu açyş her ýyl planeta zeper ýetirýän elektron galyndylary meselesini çözmegiň açary bolar.

Sport habarlary

8. Türkmenistandan 9 ýaşly Aýýa Baýramowa küşt boýunça dünýä çempionatynda küştüň blis görnüşi boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Albaniýanyň Durres şäherinde abraýly ýaryşa dünýäniň 43 döwletinden körpe küştçüleriň 375-si gatnaşdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Güljahan Öwlügägulyýewadan tälim alýan Aýýa 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplap, ajaýyp netije görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň