2024-nji ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde geçirilen «Omanyň nebiti we energetikasy ─ 2024» atly halkara sergisine hem-de «Elýeterli, durnukly we tygşytly ulanylýan energiýa çeşmeleri» atly halkara maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Bu çärelere Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdy. Bu barada Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, halkara serginiň we maslahatyň esasy maksady nebitgaz ulgamynda dünýä tejribelerini öwrenmek hem-de tygşytly ulanylýan energiýa çeşmeleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Çäreler «OMANEXPO» tarapyndan Oman Soltanlygynyň Energetika we mineral serişdeler ministrliginiň howandarlygynda geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.