Top.Mail.Ru

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar

11:0825.04.2024
0
12706

Şu gün Parižde geçirilýän Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynyň (TEIF — 2024) ikinji güni geçirilýär.

Forumyň esasy maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň nebit we gazy gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, ibermek, gurmak, şol sanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň daşky gurşawy goramakdaky taraplaryny kämilleşdirmek we beýleki ugurlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.

TEIF — 2024-iň guramaçylary bolup «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Turkmen Forum» we «GaffneyCline» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Forumyň ikinji gününde iki sessiýa meýilleşdirilýär: «Arassa energiýa we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe guramalarynyň orny» we «Türkmenistanyň gurluşyk, gaz himiýasy, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky täze taslamalara maýa goýumlaryny çekmek işini çaltlaşdyrmak».

«Arassa energiýa we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe guramalarynyň orny» atly sessiýada arassa energiýany we ýaşyl geljegi ösdürmekde halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň orny, energiýa taslamalaryny maliýeleşdirmegiň häzirki tendensiýalary, şeýle-de Türkmenistanyň energiýa öwrülişigi meselesindäki wezipeleri dogrusynda pikir alşylar. Sessiýada çykyş ederler:

Annageldi Saparow — Türkmenistanyň energetika ministri

Merdangult Päliwanow — Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary

Rahymberdi Japarow — Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň dolandyryşynyň başlygy

Lo Sýaomin — «Honghua Group Limited» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary

Paskal Lami — Parižiň Parahatçylyk forumy Assosiasiýasynyň wise-prezidenti

Mihail Solowýew — «EMEA, Fitch Ratings-iň» Korporatiw iş we gatnaşyklary dolandyrmak bölüminiň ýolbaşçysy

Stiwen Konlon — Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky iliçisi (onlaýn)

Olga Gassan-zade — «ICA-Finance AS-yň» geňeşçisi

«Türkmenistanyň gurluşyk, gaz himiýasy, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky täze taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek işini çaltlaşdyrmak» sessiýasy gurluşyk, ulag, IT we telekommunikasiýa ugurlaryna hem-de täze infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanar.

Türkmenistan ählumumy ulag ulgamlaryna işjeň goşulyşýar hem-de deňiz, demir, howa ýollaryny we hemra aragatnaşygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ulag we aragatnaşyk pudagyndaky maýa goýujylara amatly şertleri döredýär.

Täze taslamalar üçin ägirt uly mümkinçilikleri hödürleýän Türkmenistanyň tebigy baýlyklary boýunça geologiki gözlegleriň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar. Çykyş ederler:

Gurbangeldi Garlyýew — «Türkmengeologiýa» DK-niň başlygy

Döwrangeldi Sapbaýew — «Türkmenhimiýa» DK-niň başlygy

Hajymyrat Hudaýgulyýew — Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy

Mari-Elen Berar — Fransiýa – Türkmenistan Söwda palatasynyň prezidenti

Sultan-zade Rifat Wahdat — «Caspian Logistics Solutions» kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary

Baýrammyrat Atamanow — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory

Sergeý Abramow — «Stamicarbon» kompaniýasynyň ygtyýarnamalary bermek boýunça menejeri

Erik Imbert — «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň eksport önümlerini dolandyrmak bölüminiň başlygynyň orunbasary

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň