Şu gün Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF — 2024) öz işine başlaýar. TEIF — 2024-iň guramaçylary bolup «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Turkmen Forum» we «GaffneyCline» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Forumyň başlamagynyň öňüsyrasynda — 23-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň paýtagtyna geldi. Türkmen wekiliýeti «SUEZ» suw arassalaýyş desgasyna baryp gördüler hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergä, meşhur Wersal köşgüne, Parižiň gözel ýerlerine gezelenç etdiler.
Forumda nebitiň we gazyň öndürilmegi, daşalmagy we gaýtadan işlenilmegi, gaýtadan dikeldip bolýan energetikany we energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek barada halkara gepleşikleri ýaýbaňlandyrmak bilen baglanyşykly özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşylýar. Forumyň işine Türkmenistanyň milli guramalary we ministrlikleri gatnaşýar. «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, NAPECO, TAPI «Pipeline Company Limited», «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty geljekki maýadarlara täze maýa goýum taslamalary barada ygtybarly we giňişleýin maglumat berýärler.
24-25-nji aprelde Parižde geçirilýän forumyň çäklerinde uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda metan zyňyndylaryny we ugurdaş gazy azaltmagyň netijeli çözgütleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
TEIF – 2024-de «Uglewodorodlar çykarylanda metan we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak» temasynda panelleýin diskussiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de BMG-niň öňdebaryjy bilermenleri, OPEK-niň, HEA-nyň we halkara kompaniýalarynyň wekilleri öz garaýyşlaryny beýan edýärler.