Soňky habarlar

Arhiw

Milanda gije buzgaýmak we pissa iýmegi gadagan etmekçi bolýarlar

10:1424.04.2024
0
7299

Italiýanyň Milan şäheriniň häkimligi iýmit, şol sanda pissa, buzgaýmak we içgileri eltip berme hyzmatyny gije ýarymdan soňra gadagan etmek barada kanun taslamasyny teklip etdi. Bu barada «Sky News» teleýaýlymyna salgylanýan «Izwestiýa» habar berdi.

Ýerli häkimiýetler şeýle etmek bilen, adamlaryň gijelerine şäheriň köçelerinde hümerlenişip durmagyny bes etmek isleýärler, sebäbi olar ýerli ýaşaýjylara rahat uklamaga päsgel berýärler. Eger kanun taslamasy kabul edilse, maýdan noýabr aýy aralygynda dynç we baýramçylyk günleri iýmitdir içgileri açyk ýerlerde sagat 00:30-dan soňra satmak gadagan ediler.

Indi Milan şäheriniň ýaşaýjylarynyň maýyň başyna çenli kanuna garşy ses bermäge we oňa üýtgetmeler girizmäge wagty bolar.

Ýeri gelende aýtsak, 2013-nji ýylda hem şeýle kanuny girizmäge synanyşdylar, emma garşylyk çykyşlary bolansoň, goýbolsun edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň