Alymlar howanyň üýtgemeginiň ýetirjek zyýanyna baha berdiler

12:5723.04.2024
0
11677

2049-njy ýylda howanyň üýtgemeginden dünýä ykdysadyýeti ýylda 38 trillion dollar ýitgi çekip biler. Bu barada Howanyň täsirini öwrenýän Potsdam institutynyň alymlar habar berdiler. Olaryň ylmy barlaglarynyň netijesini «Nature» žurnaly çap etdi diýip, «Ren.tv» ýazýar.

Netijede, dünýä ykdysadyýeti 19 göterim kemelip biler. Şunda ýitgiler ählumumy maýlamanyň ösüşiniň depginini azaltmaga sarp edilýän çykdajylardan alty esse ýokarydyr. Alymlar esasy howpuň Ýerde howanyň temperaturasynyň haýal ýokarlanmagyna däl-de, tebigy hadysalara baglydygyny belleýärler.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ykdysady kynçylyklaryň diňe ýurtlaryň hökümetlerine we kompaniýalara däl-de, aýratyn adamlara hem howp salýandygy nygtalýar. Afrika we Günorta Aziýa ýurtlary has çynlakaý meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolarlar diýip, hünärmenler duýdurýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň