KWN bäsleşiginde Maslýakowy kimiň çalyşjakdygy belli boldy

12:1023.04.2024
0
6193
 KWN bäsleşiginde Maslýakowy kimiň çalyşjakdygy belli boldy
Surat: super.ru

Russiýaly komik artist Dmitriý Hrustalýew ýurduň meşhur KWN (Şadyýanlaryň we ugurtapyjylaryň kluby) bäsleşiginiň täze alyp baryjysy bolar. Bu barada «Kp.ru» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Soňky ýyllarda gülküli şowhunyň alypbaryjysy Aleksandr Maslýakow barha seýrek çykyş edýär. 82 ýaşly alypbaryjy koronawuris ýokanjyny başdan geçirdi. Öň onuň ornunda birnäçe artistler alypbaryjy boldular.

Maslýakowyň teklibi boýunça 2024-nji ýylyň tutuş dowamynda gepleşigi Hrustalýow alyp barar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň