Türkmenistanyň futbol çempionatynda birinji aýlaw tamamlandy

22:0120.04.2024
0
1432

Şu gün, 20-nji aprelde Aşgabatda, Türkmenbaşyda hem-de Maryda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF habar berýär.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Arkadag” topary “Şagadam” bilen duşuşdy. Geçirilen bu duşuşykda netijeli çykyş eden “Arkadag” topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Köpetdag”, “Altyn Asyr” hem-de “Nebitçi” toparlary degişlilikde “Ahal”, “Merw”, “Energetik” toparlaryndan üstün çykdylar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň jemi boýunça 24 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär. Ikinji, üçünji orunlarda 18 hem-de 15 utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlary ornaşdylar.

Futbol çempionatymyzyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary 23-nji hem-de 24-nji aprelde geçiriler: “Merw” – “Nebitçi”, “Köpetdag” – “Aşgabat”, “Şagadam” – “Altyn Asyr”, “Energetik” – “Ahal”.

9-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Köpetdag” – “Ahal” – 3:2

Gollar: 34, 89 Baýramgeldi Gulmaýew, 62 Murat Ýakşiýew (“Köpetdag”) – 25 Akmämmet Metdäýew, (11 m.j.u.) 39 Ýazgylyç Gurbanow (“Ahal”)

“Energetik” – “Nebitçi” – 2:3

Gollar: 59 Röwşenbek Rahymow, 90+5 Şirmyrat Baýramow (“Energetik”) – 19 Elýas Akyýew, 23, 31 Arslangylyç Nazgylyjow (“Nebitçi”)

“Merw” – “Altyn Asyr” – 0:1

Gol: 85 Arslan Saparow (“Altyn Asyr”)

“Şagadam” – “Arkadag” – 1:2

Gollar: 75 (11 m.j.u.) Arslan Ýollyýew (“Şagadam”) – 29 Begenç Akmämmedow, 37 Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”)

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“Arkadag” FK

8

8

0

0

43-3

24

2.

“Altyn Asyr” FK

8

6

0

2

15-8

18

3.

“Ahal” FK

8

5

0

3

15-9

15

4.

“Şagadam” FK

8

4

0

4

11-9

12

5.

“Nebitçi” FK

8

4

0

4

9-13

12

6.

“Merw” FK

8

4

0

4

6-13

12

7.

“Aşgabat” FK

8

2

1

5

6-17

7

8.

“Köpetdag” FK

8

1

2

5

6-18

5

9.

“Energetik” FK

8

0

1

7

5-26

1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň