«Laureus» sport akademiýasy tarapyndan 2000-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän «Laureus» bütindünýä sport baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri Ispaniýanyň paýtagty Madridde geçirilen dabarada mälim edildi.
Sport äleminiň Oskary hasaplanýan bu baýraklarda ýylyň erkek türgeni diýlen ugurda geçen ýyly 3 «Uly tuwulga» çempionlygy bilen tamamlan serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýeňiji boldy. Ol bu ugurda Arman Duplantis, Erling Holann, Noa Laýlz, Lionel Messi, Maks Ferstappen ýaly sportuň ägirtlerini yzda galdyrdy. Jokowiç bu baýragy 2012-nji, 2015-nji, 2016-njy hem-de 2019-njy ýyllardan soň 5-nji gezek almagy başardy. Jokowiç bu görkeziji boýunça Rojer Federer bilen rekordy paýlaşýar.
Ýylyň zenan türgeni baýragyna bolsa ispaniýaly futbolçy Aitana Bonmati mynasyp görüldi. Ol «Barselona» klubunyň oýunçysy Şarika Jekson, Fait Kipýegon, ŞaKari Riçardson, Mikaela Şiffrin, Iga Şwentek ýaly türgenlerden köp ses aldy.
Ýylyň topary baýragy futbol boýunça Ispaniýanyň zenanlar ýygyndysyna berildi. Ýylyň ösüş görkezen türgeni diýen ada bolsa «Real Madridiň» angliýaly ýyldyzy Jud Bellingam eýe boldy. Amerikaly gimnastikaçy Simone Baýlz ýylyň gaýdyp gelişi baýragy bilen sylaglandy.
Niderlandlardan Diede de Groot ýylyň paralimpiýa türgeni diýlip saýlandy. Awstraliýaly skeýtboardçy ýylyň hereketli türgeni baýragyna mynasyp boldy.
SalamNews Link: https://salamnews.tm/news/blog/dzhokovich-poluchil-sportivnyi-oskar-kak-atlet-goda-7244a8