Utuşly lotereýa petegi eýesiniň torbasynda bir aýlap ýatdy

11:4422.04.2024
0
10039
Utuşly lotereýa petegi eýesiniň torbasynda bir aýlap ýatdy
Surat: ria.ru

ABŞ-da 41 ýaşly Jennifer Horton lotereýa petegini satyn aldy, emma ony unudansoň, bir aýlap torbasynda ýatdy. Görlüp oturylsa, petek 150 müň dollarlyk utuşly eken. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Ýurduň Maunt-Plezant diýen ýerinde ýaşaýan Jennifer petegi ýangyç guýulýan beketde satyn aldy. Lotereýa oýnundan soňra zenan ony unutdy, petek bir aýlap onuň ýanynda göterýän torbasynda ýatdy.

«Men ony düýbünden unudan ekenim. Ony dükanda skanirletdim, tizara maňa lotereýa edarasyna gelmek barada habar geldi» diýip, zenan gürrüň berdi.

Jennifer Horton öz utuşyny maşgala bolup dynç almaga harçlamakçydygyny habar berdi diýip, UPI neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň