Dünýäde iň garry orangutan 63 ýaşyny belledi

10:5420.04.2024
0
10025
Dünýäde iň garry orangutan 63 ýaşyny belledi
Surat: mir24.tv

Häzir haýwanat baglarynda ýaşap ýören orangutan maýmynlaryň iň uzak ýaşlysy— Bella atly maýmyn özüniň 63 ýaşyny baýram etdi diýip, Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Bella sowgat hökmünde miwelerden, tüwiden we tworogdan ýasalan süýji nan berdiler. Ol ony Berani atly çagasy bilen paýlaşdy.

Bella takmynan 1961-nji ýylda dünýä indi, 1964-nji ýyldan bäri Gamburg şäheriniň haýwanat bagynda ýaşaýar. Bagyň işgärleri onuň akýürekli, akylly, bilesigeliji, hoşniýetli haýwandygyny aýdýarlar. Ol alty çaga dogurdy, enesi tarapyndan ýüz öwrülen dört maýmyna enekelik etdi.

Ýaşyna garamazdan, Bellanyň ýagdaýy gowy. Onuň iň halaýan iýmiti üwmeç ýa-da bal goşulan şüle. Ol şeýle hem ýumşak miweleri we gök-bakja önümlerini halaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň