Soňky habarlar

Arhiw

"Real" bilen "Bawariýa" Çempionlar ligasynyň ýarymfinalyna çykdy

07:3918.04.2024
0
8520

“Bawariýa” we “Real” klublary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýunlarynda ýeňiş gazanyp, ýaryşyň ýarym finalyna çykdylar.

Mýunhende “Bawariýa” “Arsenaly” 1:0 hasabynda utdy. Oýunda ýeke-täk goly 63-nji minutda Ýozua Kimmih geçirdi.

Toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun 2:2 hasabynda tamamlanypdy, şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesinde “Bawariýa” ýarym finala çykýar.

Beýleki bir oýunda Madridiň “Realy” häzirki çempion “Mançester Sitini” ýaryşdan çykardy. Angliýanyň “Etihad” stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy (iki oýnuň jemi boýunça 4:4).

Oýunda hasaby 12-nji minutda “Realyň” hüjümçisi Rodrigo açdy. “Siti” 76-njy minutda Kewin De Brýoýneniň goly bilen hasaby deňlemegi başardy. Goşmaça wagtda gol girizilmedi we ýeňiji oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi. Bu ýerde Madridiň toparynyň oýunçylary has takyk boldy (4:3).

Ýarym finalda “Real” Mýunheniň “Bawariýasy” bilen oýnar.

Ýatlap geçsek, ikinji ýarym final jübütinde 1/4 finalda “Barselonany” utan “Pari Sen-Žermen” we dörtden bir finalda Madridiň “Atletikosyny” utan Dortmundyň “Borussiýasy” duşuşar.
Ilkinji ýarym final oýunlary 30-njy aprelde we 1-nji maýda, jogap oýunlary 7-nji we 8-nji maýda geçiriler. Final 1-nji iýunda Londonda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň