Arhiw

Pariždaki oýunlaryň öň ýany Olimpiýa alawy ýakyldy

16:0516.04.2024
0
8059

16-njy aprelde Gresiýada Parižde şu ýyl geçjek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy.

Alaw ýakmak dabarasyna Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Halkara Olimpiýa geňeşiniň prezidenti Tomas Bah, Gresiýanyň Milli Olimpiýa geňeşiniň başlygy Spiros Kapralos, Fransiýanyň sport ministri Ameli Udea-Kastera we beýlekiler gatnaşdylar.

Olimpiýa alawy Oýunlaryň esasy nyşanlarynyň biridir. Alaw ýakmak däbi 1928-nji ýylda Amsterdamda geçen Oýunlaryň öňýanynda dikeldildi. 1936-njy ýylda Berlinde geçen Olimpiýa oýunlary wagtynda Olimpiýa alawynyň estafetasy ilkinji gezek guraldy.

Bu barada «Gazeta.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň