Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklary "Türkmenistan Sport", "Ýaşlyk" teleýaýlymlarynda göni ýaýlyma berler

07:2015.04.2024
0
10036

"Sport" myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda guralan mediaforumda Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredýändigi bellenildi. Halkara ýaryş mynasybetli, “MIR 24”, “TRT AVAZ”, “CCTV” teleýaýlymlarynda aýratyn gepleşikler hem-de wideoşekiller görkeziler. Bu sport ýaryşynyň täzelikleri “Asiavision”, Aziýa – Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler assosiasiýasynyň habarlar toparynyň kompaniýalarynyň arasynda ýaýradylar we döwletara habarlar topary tarapyndan ýaýlyma berler. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ýaryş baradaky habarlar Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň hem-de Aziýa sport metbugaty birleşiginiň neşirlerinde çap ediler.

Şeýle hem hokkeý duşuşyklary “Türkmenistan Sport” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda göni ýaýlyma berler.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bu halkara ýaryşy “TürkmenÄlem 520E” emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly şöhlelendirmäge mümkinçilik dörediler.

Halkara ýaryşdan täzelikleri ýaýmak üçin žurnalistler topary döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň