Soňky habarlar

Arhiw

«Däp» indi onlaýn: türkmen brendi ýurt boýunça sargytlar üçin onlaýn dükanyny açdy

12:4313.04.2024
0
28022

Indi «Däp» türkmen brendiniň ajaýyp we ýokary hilli egin-eşikleri has elýeterli boldy! «Däp» brendi Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysynyň ýaşaýan ýerine garamazdan, özi we tutuş maşgalasy üçin moda geýimleri hem-de esbaplary sargyt etmegini göz öňüne tutup, täze onlaýn dükanynyň açylandygyny habar berýär.

Däp.tm web saýtynda alyjylar şu harytlary tapyp bilerler:

- giň saýlamak mümkinçiligi: URBAN, ART, BASIC we KIDS ýaly dürli kolleksiýalaryň islendik görnüşli we islege görä egin-eşikleri we esbaplary;

- önümler barada giňişleýin maglumat: geýimleriň suratlary we aýratynlyklary dogry harydy saýlamaga ýardam eder;

- ähli görnüşli zadyň bolmagy: web saýtda hödürlenen önümleriň hemmesi sargyt etmek üçin elýeterlidir;

- amatly eltip bermek hyzmaty: «Däp» harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine eltip bermekde dürli hili mümkinçilikleri hödürleýär;

- ýokary derejeli hyzmat: «Däp» brendiniň hünärmenleri müşderilere öz isleglerine laýyk gelýän zady saýlamaga hem-de islendik sowallaryna jogap bermäge hemişe taýyndyr.

Oňaýly nawigasiýanyň bolmagynyň netijesinde, onlaýn dükanyň müşderileri web saýtdan ajaýyp köýnekçe, moda kybap jins ýa-da ykjam switşot bolsun islendik zerur zatlary tiz wagtda tapyp bilerler.

Eger girip görmedik bolsaňyz, däp.tm web saýtyna edil şu günüň özünde giriň-de tekjäňizdäki egin-eşikleriňizi täzeläň!

Bulardan başga-da, «Däbiň» kolleksiýasyny brendiň Aşgabatdaky öz dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz:

  • «Berkarar» SDAM, 2-nji gat, C-37A dükany;
  • «Aşgabat» SDAM, B-1.32 dükany.

Habarlaşmak üçin:

  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • telefon belgileri: (+993 61) 85 77 70.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň