Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynyň ýüpekçilerine ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi

10:3713.04.2024
0
8973
Mary welaýatynyň ýüpekçilerine ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işine Mary welaýatynyň, hususan-da, Tagtabazar etrabynyň ýüpekçileri ilkinjileriň hatarynda girişdiler. 2024-nji ýylda etrabyň ussat ýüpekçilerine 1 müň 917 gap (36423 gram) ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýüpekçiler gymmatly çig mal bolan piläniň ýokary hilli hasylyny öndürmek üçin jogapkärli möwsüme irgözinden ykjam taýýarlyk gördüler. Ýüpek gurçuklarynyň saklanjak jaýlary birkemsiz gözden geçirilipdir.

Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut agaçlaryna göwnejaý ideg edilip, täze nahallar oturdylypdyr.

Gyrkylyp alnan tut çybyklarynyň we ýyglan ýapraklaryň zaýalanmazlygy, terligine ýüpekçilere ýetirilmegi üçin awtoulaglardyr traktorlaryň hyzmaty göwnejaý ýola goýlupdyr. Etrabyň pileçileri ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek bilen, 70 tonna ýokary hilli önüm öndürmegi maksat edinýärler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň