Soňky habarlar

Arhiw

Maslahat beriş kompaniýalarynyň wekilleri, şahsy maslahatçylar ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrylýar

12:0411.04.2024
0
10895
Maslahat beriş kompaniýalarynyň wekilleri, şahsy maslahatçylar ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrylýar
Surat: tmrl.gov.tm

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de şahsy maslahatçylary «Müşderi bilen gepleşikleri geçirmegiň usullary» atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çäre 26-njy aprelde Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçiriler. Ussatlyk sapagy tölegsiz geçirilip, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ussatlyk sapagy gatnaşyjylara müşderi bilen duşuşygyň inçe tilsimlerini özleşdirmäge, gepleşikleri geçirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.

Ussatlyk sapagyny işewür-maslahatçy Wladimir Çernýawskiý geçirer. Ol Belgiýadaky Guramaçylyk we sosial ösüş halkara institutynda «Guramaçylyk ösüşi we üýtgeşmeleri dolandyrmak: adamlar we ulgamlar» maksatnamasy boýunça bilim aldy.

Çärä gatnaşmak üçin degişli nusgadaky ýüztutmany doldurmaly we ony kompaniýa baradaky maglumat hem-de maslahatçynyň rezýumesi bilen 2024-nji ýylyň 16-njy apreline çenli ovezovat@ebrd.com elektron salgysyna ibermeli.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgisi:

(+99363) 29-68-94.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň