Soňky habarlar

Arhiw

«Iş Nokady» Türkmenistanyň talyplary üçin niýetlenen tölegsiz rus dili okuwlaryna çagyrýar

16:2709.04.2024
0
26865

Milli gözleg uniwersitetiniň «Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň» Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Iş Nokady» kompaniýasy ýörite Türkmenistanyň talyplary üçin döredilen rus dili okuwlarynyň başlanandygyny habar berýär.

Russiýanyň ussat hünärmen mugallymlary iki aýyň dowamynda onlaýn formatda geçiriljek ýokary hilli okuw taýýarlygyny kepillendirýärler. Sapaklar hepdede bir gezek — şenbe güni geçirilýär. Munuň özi öwrenijilere okuwlaryny beýleki sapaklar ýa-da iş bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Okuwlar tölegsizdir.

Bu okuwlar rus dilini bilşiňizi kämilleşdirmäge we rusça geplemek başarnygyňyzy ýokarlandyrmaga kömek eder. Mundan başga-da, talyplar rus dilini bilýändigi barada Milli gözleg uniwersitetiniň «Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň» tölegli şahadatnamasyny alarlar.

Okuw ýerleri çäklidir. Her topara 15 adama çenli öwreniji kabul edilýär.

Okuwlaryň geçiş tertipnamasy, tölegi hem-de okuwyň şertleri barada giňişleýin maglumat üçin şu salgylanmada arzaňyzy goýuň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň